Lebap welaýatynyň merkezi şäherinde dilegçilik edýän adamlaryň arasynda pensionerleriň, durmuş goragyna mätäç bolan raýatlaryň sany günsaýyn köpelýär diýip, Azatlygyň habarçysy habar berýär.
Anonimlik şertinde pikirini aýdan raýatlaryň köpüsiniň ynanjyna görä, bu ýagdaý bir tarapdan ýurtdaky ykdysady kynçylyklar bilen bagly bolsa, ikinji tarapdan, HMAT-laryň, hemaýata mätäçleri anyklaýjy toparlaryň “adalatsyzlygy” bilen bagly.
Türkmenabadyň Ikinji daýhan bazarynyň, Gök bazarynyň öňünde dilegçilik edýän adamlar, aýry-aýrylykda gürleşilende, özlerine döwlet tarapyndan berilýän kömek pullarynyň juda azdygyny, bellenilen ýeňillikleriň köpüsiniň ýatyrylandygyny, bolanlaryny hem alyp bolmaýandygyny aýtdylar.
Ömrüniň köp bölegini zähmet çekip, onuň hözirini görmeli ýaşa ýetende, her bir raýatyň eli uzadan ýerine ýetmelidir!"Gurbanguly Berdimuhamedow
Habarçy bazarlardaky dilegçileriň sanynyň, göz bilen alanyňda, onlarça ýetýändigini, ýüzärlik tütedip, gazanç etjek bolýan mekdep okuwçylarynyň hem köpdügini aýtdy.
Bazardaky satyjylaryň biri ýüzärlik tütedýänleriň ‘gazanç’ üstünde öz aralarynda dawalaşýan pursatlarynyň hem az bolmaýandygyny aýtdy.
Türkmenabadyň Gök bazarynda dilegçilik edýän aýal habarçymyza öz ömürniň 35 ýylyny medisina, ýagny saglygy saklaýyş işine berendigini,pensiýa çykyp, ýaşy bir çene ýetende ýeke galandygyny gürrüň berdi.
“Her gezek pensiýa kitapçamy açanymda, uly Berdimuhamedowyň aýdan sözlerini okap, syýasatçylar adamlaryň garnyny diňe ýalanlar bilen doýurjak bolýarmyka diýýärin” diýip, garry Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ömrüniň köp bölegini zähmet çekip, onuň hözirini görmeli ýaşa ýetende, her bir raýatyň eli uzadan ýerine ýetmelidir!” diýen sözlerini sitirledi.
Şeýle-de, ol pensionerleriň, maýyp adamlaryň durmuş, ýaşaýyş şertleriniň 2017-nji ýyldan başlap has-da agyrlaşandygyny aýtdy.
“HMAT korrumpirlenen topar..."
“Döwletiň mugt berýän dermanlarynyň sany azaldyldy. Kommunal töleg boýunça ýeňillikler diňe birinji topar maýyplara berilýär. Aziýa oýunlaryndan soň şeýle agyrlyklar başlandy” diýip, pensioner ene Aşgabatda 2017-nji ýylyň sentýabrynda söweş sungaty boýunça ýapyk binalarda geçirilen halkara sport çärelerini nazarda tutup aýtdy.
Habarçy bilen aýry-aýrylykda gürleşen raýatlar “problemanyň düýbüniň HMAT-da, ýagny, hemaýata mätäçleri anyklaýjy toparyň işindäki adalatsyzlyklarda görýändiklerini” aýtdylar.
“HMAT korrumpirlenen topar. 1-nji topar maýyplyk statusyny almaly adamlar, HMAT-a para bermeýänligi üçin, ikinji, hatda üçünji topar maýyplyk derejesini alýarlar. Şol bir wagtda, uly möçberde pensiýa almak we lgotalary almak isleýänler, şol statusa mynasyp däller hem 1-nji derejeli maýyplygy alyp ýörler. Bazarda oturan pensionerleriň aglabasy 2-nji we üçünji topar maýyplar. Ýöne olaryň köpüsi birinji topara degişli” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi döwlet edaralarynyň adamlaryň sadalygyndan, kanunçylykdan gowy baş çykarmazlygyndan bikanun peýdalanýandygyny öňe sürdi.
Onuň sözlerine görä, degişli işgärler pensiýalary kesip, ýa-da olara kanun esasynda goşulmaly prosentleri goşman, “pul tygşytlaýarlar” we ýyl ahyrynda 13-nji, hatda 14-nji aýlyklaryny alýarlar.
13-nji, 14-nji aýlyklaryň berilýändigi hakyndaky maglumaty Türkmenabadyň şäher häkimligindäki çeşme hem tassyk etdi.
Dilegçileriň köpelmegi, Ikinji daýhan bazarynyň satyjysynyň aýtmagyna görä, käte häkimiýet wekilleri bilen ýönekeý adamlaryň arasynda gapma-garşylygyň döremegine hem sebäp bolýar.
“23-nji maýda ýerli polisiýa işgäri elini serip oturan erkegi depip, bazardan kowdy. Ýogsa, bazar problemalaryna dahyly hem ýok, ol üçünji kwartlayň uçastkowysy. Garry adamy wagşylarça depip: ‘Ýoluň ortasynda porsap oturma, gümüňi çek şu taýdan’ diýip, ýaşuly adamyň üstüne gygyrdy. 18 ýaşlaryndaky bir oglan bu ýagdaýa nägileligiňi bildirjek boldy welin, ‘Sen köp bilýäňmi? Häzir edara alyp giderin’ diýip, oňa haýbat atdy.”
Garrylar, maýyplar 'aç saklanýar'
Lebap welaýatynyň maýyplar we garrylar öýündäki çeşme Azatlyga bu edaranyň ideginde saklanýan garrylaryň aç bolýandygyny aýtdy.
“Başlyk we işdäler hökümetiň goýberýän ujypsyz, pes hilli önümlerini hem ogurlaýarlar. Açlygyna çydaman gygyrýan garrylaryň sesinden ýaňa, ýüregiňe iňe çümen ýaly bolýarsyň. Işgärleriň käbiri, agysyna çydap bilmän, olary naharlaýar. Ýöne, günde-günaşa naharlar ýaly, bizde-de artyk ýagdaý ýok. Iýun aýynda, açlykdan ýaňa, iki sany maýyp pensioner aradan çykdy” diýip, çeşme aýtdy.
Diňe maýyp garrylar däl, maýyp çagalary bolan ene-atalar hem hökümet goldawyna mätäç diýip, habarçymyz bilen gürleşen adamlar aýtdylar.
Azatlygyň üsti bilen Aşgabatdaky ýolbaşçylara sesini eşitdirmek isleýän çärjewli ata aýalynyň işlemän, ysmaz çagasyna seredýändigini, indi onuň 20 ýaşandygyny gürrüň berdi. Ol maýyp çagasyna kömek pulunyň berilýändigini, ýöne ene-ata hiç hili töleg edilmeýändigini aýtdy.
“Aýalym hiç ýerde işlemedi, pensiýa ýaşyna ýetende hem, ujypsyz bir mukdarda pensiýa alar. Bu bir adalatsyzlyk. Eger döwlet öz raýatlaryna eýe çykmaýan bolsa, onda döwletiň näme peýdasy bar?” diýip, çärjewli ata Azatlyga aýtdy.
Azatlyk mart aýynda ýurtdaky maýyplaryň özleri üçin aýratyn şertleriň döredilmezliginden nägile bolýandyklaryny habar beripdi.
Ýurtda döwrebap saglyk hyzmatlaryny hödürleýän täze hassahanalaryň yzygiderli gurulýandygyny aýdýan häkimiýetler ýönekeý adamlaryň kynçylyklary baradaky habarlara düşündiriş bermeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum