Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Süňk hem gymmatlady'. Etiň gymmatlamagy ilatyň iýmit aladasyny artdyrdy


Etiň bahasy iýulyň ortasynda birden 20% gymmatlady
Etiň bahasy iýulyň ortasynda birden 20% gymmatlady

Türkmenistanda etiň gymmatlamagy ilatyň satyn alyjylyk ukybyny ýene gowşatdy. Bazarlarda etiň nyrhy ýokarlanýarka döwlet dükanlarynda arzan bahadan et önümleri satuwdan aýryldy. Bu ýagdaý ilat köpçüliginiň azyk üpjünçiligi bilen bagly aladalaryny ýene-de güýçlendirdi.

Ahal welaýatynyň ýaşaýjylary ýerli döwlet dükanlarynda et önümleriniň bir aý bäri tapylmaýandygyny aýdýarlar.

"Häzir goýun we sygyr etiniň bahasynyň gymmatlamagy adamlaryň arzan, ýagny öň 1 kg 50 manatdan satylan ete uly isleg bildirmegine sebäp bolýar. Emma beýle et hiç bir et dükanlarynda, bazarlarda döwlet bahasyndan tapdyrmaýar. Häzir süňk almakçy bolsaňam, ýagny çagalara süňk asyp çorba iýdireýin diýseňem 1 kg süňk 50-60 manatdan satylýar" diýip, ahally ýaşaýjy aýdýar.

Şu günki gün Ahal welaýatynyň bazarlarynda etiň ortaça bahasy 1 kilogramyna 90 manat.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan ýene bir ýaşaýjy öz maşgalasynda adatça arzan towuk budundan gyzgyn nahar bişirilýändigini, sygyr ýa-da goýun etiniň bolsa hepdede diňe bir gezek iýilýändigini aýtdy. Emma onuň sözlerine görä, etiň gymmatlamagy maşgalany bu mümkinçiliginden mahrum edipdir.

"Çagalar öň hepdede 1 sapar etli nahar iýensoňlar, haçan etli nahar bişer diýip, soraýarlar. Emma alýan aýlygymyza häzir et satyn alyp bilmeýäris. Bolmasa ýarym kile ir alaýjak diýip azyk satyn almaga gidenimde, ýarym kile ete-de pulum ýetmeýär" diýip, çagaly ene gürrüň berdi.

Ilatyň satyn alyjylyk ukybynyň peselendigini bazardaky satyjylar hem belleýärler. Soňky döwürde az mukdarda, ýagny 300-500 gramdan et satyn alýanlaryň sany köpelipdir.

Ýene bir maşgala başy azyk önümleriniň gymmatlamagynyň uly alada döredýändigini, gününi zordan görýän maşgalalaryň iýmitlenmek mümkinçiliginiň uly hatar astyndadygyny aýdýar.

"Ýoldaşym bilen iki bolup işläp, çagalaryň iýjegine ýetirip bilemzok. Bize geçen ýyl hem agyr düşüpdi. Pulumyz ýetmän, hatda pomidor satyn almaga mümkinçiligimiz bolman, tomat hem ýapyp bilmändik. Ýyl-ýyldan halkyň güni agyrlaşýar. Aýlyk iýmite ýetmeýär" diýip, ahally ýaşaýjy gürrüň berdi.

Azatlygyň habarçysy döwlet dükanlarynda öň arzanlandyrylan bahadan satylan et önümleriniň söwdasynyň bes edilmeginiň sebäplerini anyklap bilmedi. "Dükançylar haçan arzan et geler diýip, sorasaň, 'basym geler' diýip anyk jogap aýdyp bilmeýärler" diýip, habarçy belledi.

Et önümleri ýurtda bir hepde ozal birden gymmatlapdy. Lebabyň bazarlarynda 19-njy iýuldan bäri etiň bahasy 20% çemesi ýokarlandy. Hususan-da, 80 manada duran çylka etiň bir kilogramy 105 manada ýetdi.

Şu hepdäniň başynda ýerli bazarlardaky nyrhlara syn eden habarçymyzyň maglumatyna görä, etiň bahasy hiline görä Merkezi Bankyň kursy bilen 26,2 amerikan dollaryndan başlanyp, 30 dollara baryp ýetdi.

Mundan öň iýun aýynda Maryda etiň bahasy ýokarlanypdy. Şonda ýerli ýaşaýjylar etiň 7% çemesi gymmatlamagy bilen maşgalalaryň satyn alyjyk ukybyny gowşadandygyny Azatlyga gürrüň beripdi.

Bahalaryň ýokarlanmagynyň sebäpleri barada resmi düşündiriş berilmeýärkä, tomsuň başyndan bäri käbir welaýatlarda mallaryň keselden gyrylmagy bilen bagly ýagdaýlar ýüze çykdy. Emma mal keselçiliginiň etiň häzir gymmatlamagy bilen bagly bolup-bolmazlygy belli däl.

Türkmenistanda azyk önümleriniň, şol sanda etiň bahasy wagtal-wagtal sebäbi düşündirilmezden gymmatlap, soň ýene biraz peselip durýar. Bu ýagdaýlar we onuň ykdysady sebäpleri barada ilata resmiler we ykdysatçylar tarapyndan düşündiriş berilmeýär, döwlet mediasynda hem degişli maglumat çap edilmän, ýurtda öndürilýän önümiň köpelýändigi we ilatyň durmuş derejesiniň barha gowulanýandygy yzygiderli habar berilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG