Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kreml ruslaryň YouTube-dan peýdalanmagyny bes edip bilermi? Entek däl


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Rus tehnologiýa düzgünleşdirijileri ençeme ýyl bäri senzurasyz habarlaryň, maglumatlaryň we güýmenjäniň esasy çeşmesi bolan wideo platformasy bolan "YouTube"-a ýetende dişlerini gyjaýar - bu köp sanly rus blogçylary we täsirli şahslary üçin esasy girdeji çeşmesi hem bolup durýar.

Häkimiýetler, "Google"-yň eýeçiligindäki platformadan rus tomaşaçylaryny daşlaşdyrmaga synanyşyp, onuň tizligini çydap bolmajak derejede haýallatdylar. Düzgünleşdirijiler onuň hereketine has gowy gözegçilik edip biler ýaly Silikon jülgesiniň ägirtlerine haýbat atyp, olaryň serwerlerini Russiýanyň içinde ýerleşdirmegini islediler.

Şeýle hem, gözegçilik astyndaky alternatiwalary ösdürmäge synanyşdylar.

Bu nähili geçýär?

Bilermenleriň pikiriçe, şol tagallalar entek netije bermedi, ýöne ýakyn wagtda bolup biler.

Birnäçe ýyllap dowam eden bu tagallalar, Russiýanyň “dolandyrylýan” internetini gurmak üçin Kreml tarapyndan goldanýan has giň kampaniýanyň bir bölegidir, bu ýerde ruslara çäksiz maglumat elýeterliligini berýändigi barada illýuziýa döredýän we olaryň düzgüne boýun bolmagyna ýakyndan gözegçilik edýän çäklendirilen mümkinçilik bermek barada gürrüň gidýär.

Geçen hepde rus resmileri habarlar we aragatnaşyk üçin giňden ulanylýan "Meta" degişli habarlaşma programmasy bolan "WhatsApp"-y blokirlemäge tarap barýandyklaryny mälim etdiler.

Germaniýanyň Daşary gatnaşyklar geňeşiniň Russiýanyň internet ulgamy boýunça gözlegçisi we bilermeni Filip Dietrih: "Russiýada 'YouTube' ýaýbaňlandy" diýýär.

"Bu hökümet üçin uly howp" - diýip, bilermen belleýär: "Bu 100 göterim, elbetde, haýsy wideolaryň internete girýändigini we haýsylarynyň ýokdugyny gözegçilikde saklap biljek platformaňyz bar bolsa, bu size gaty peýdaly."

‘Olar esasy oýunçylar’

Millionlarça ruslar wideo akym hyzmatlaryna tomaşa edýärler. “YouTube” häzirki wagta çenli iň meşhur, 2022-nji ýylyň fewral aýynda Russiýanyň Ukraina giň derejede çözmagyndan soň onuň meşhurlygy has ýokarlandy.

Korrupsiýa garşy göreşen Alekseý Nawalnynyň ölüminden öň "YouTube"-da ýaýradan derňew we paş ediji wideolary diňe Russiýanyň içinde onlarça million adam tarapyndan görüldi. Russiýada we onuň daşynda 10 milliondan gowrak adam Ýuriý Dudyň “YouTube” kanalyna we ýiti söhbetdeşliklerine ýazylýar.

"Mediascope" tarapyndan geçirilen öwrenmelere görä, 2024-nji ýylyň ikinji ýarymynda "YouTube"-a her aýda 95,9 million rus ýetginjekleri we ululary girýärler. Düzgünleşdirijiler hyzmaty haýalladyp başlandan soň, bu san 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda azaldy.

“RuNet” ady bilen tanalýan rus internet giňişliginde “YouTube”-a bäsdeş bolup biljek azyndan bäş sany wideo akym proýekti peýda boldy.

“VKontakte Wideo”, Russiýanyň “Facebook” şekilli “VKontakte” sosial ulgamy tarapyndan döredilen akym hyzmaty tomaşaçylaryň sany boýunça yzda galýar, ýöne tomaşaçylarynyň sanyny yzygiderli artdyrýar.

Beýleki platformalaryň arasynda Gazpromyň eýeçiligindäki Rutube; 2022-nji ýylda “Yandex” -den bölünen Zen we “Video OK”, “Facebook” -a meňzeş başga bir sosial media platformasy, ol hem “VKontakte” ulgamynyň eýeçiliginde.

Döwlet eýeçiligindäki teleýaýlym ulgamynyň ozal “Russia Today” ady bilen tanalýan baş kompaniýasy “Platform” atly akym hyzmatyna 2024-nji ýylyň iýun aýynda maýa goýdy. Emma şowsuz bolup, onuň gündeki görkezijisi on müňlerçe adam bilen çäklendi.

Azatlyk Radiosynyň Russiýa boýunça derňew gullugy “Systema” -nyň habaryna görä, bu platformadaky iň meşhur mazmun garakçylyk ýoly bilen ýaýradylýan maglumatlar boldy.

Filip Dietrihyň pikiriçe häzirki wagtda “VKontakte Wideo” “YouTube”-e iň amatly alternatiwa we netijede onuň ornuny tutup biler.

"VKontakte" ulgamyna berilýän döwlet goldawy oňa gözegçilik edýän paýdarlary we ýokary derejeli ýolbaşçylary tarapyndan gelýär.

Putiniň ynamdar ýarany Ýuriý Kowalçuk tarapyndan dolandyrylýan SOGAZ kompaniýasy, döwlet eýeçiligindäki tebigy gaz ägirdi “Gazpromyň” metbugat goly bolan “Gazprom Media” bilen bilelikde esasy paýdarlaryň biridir. "Gazprom Media", şeýle-de resmi wideo çykarmak üçin Kreml tarapyndan ýygy-ýygydan ulanylýan "Rutuba" eýeçilik edýär.

Dietrihyň pikiriçe häzirki wagtda “VKontakte Video” bilen baglanyşykly iň uly mesele, onuň tomaşaçylarynyň sanyna degişli ynam bilen bagly. “Gatnaşyk sanlaryny, mazmuny halamak, paýlaşmak, tomaşa etmek üçin sarp edilen wagty görkezýän sanlaryň hakyky ýa-da oýlanyp tapylan bolmagyny kesgitlemegiň hakyky usuly ýok" diýip, bilermen aýdýar.

Gorag diwaryna ýene bir daş

Rus häkimiýetleriniň Internetde gözegçiligi berkitmek ugrundaky tagallalary 1990-njy ýyllaryň ahyrynda başlandy, Operatiw gözleg işleri ulgamynyň ösdürilmegi esasan internete gözegçilik guralydy.

Birnäçe ýyl bäri häkimiýetler internet kompaniýalaryna gözegçiligi artdyrmak we "Roskomnadzor" gözegçilik gullugynyň ygtyýarlyklaryny giňeltmek üçin birnäçe kanun kabul etdiler. Olar “Yandex”, “VK”, “Mail.ru”, “Wildberries” ýaly öňdebaryjy tehnologiýa ägirtleri Kremle dostlukly eýeçilikde berk gözegçilikde sakladylar.

Adamlara häkimiýetleriň gözegçiliginde bolmadyk mazmuny okamaga ýa-da görmäge ýa-da göçürip almaga mümkinçilik berýän wirtual hususy torlary elýeterli edýän VPN ulanylmagyna jenaýat jogapkärçiligini girizdiler.

Kanun çykaryjylar hatda VPN-leriň gözlegi üçin jenaýat jogapkärçiligine çekmäge synanyşýarlar.

Mart aýynda Kremlde geçirilen ýygnakda prezident Wladimir Putin resmilerden "Microsoft" we "Zoom" ýaly daşary ýurt tehnologiýa kompaniýalaryny basyp ýatyrmagy talap etdi.

"Olary bogup çykmaly. Men doly ylalaşýaryn" - diýip, Putin telewideniýede görkezilen çykyşynda aýtdy.

"Meniň pikirimçe, olar Demirgazyk Koreýanyň modeline däl-de, Hytaý modeline tarap barýarlar" -diýip Ditrih aýtdy. "Adamlar doly kesiler diýip pikir edýärler. Bu mümkin däl. Bu ykdysadyýeti dargadar."

Ruslary YouTube-dan uzaklaşdyrmakdan başga-da, häkimiýetler ruslara köp zat etmäge mümkinçilik berýän “super programmany” döretmek işine itergi berdiler: ol söhbet etmek, bank hyzmatlaryndan peýdalanmak, taksi sürmek we salgyt tölemek, aýdym-saz diňlemek, oýun oýnamak, iýmit sargyt etmek, surat paýlaşmak üçin mümkinçilik berýär.

“VKontakte” tarapyndan işlenip düzülen “Maks” atly programma mart aýynda synagdan geçdi. Geçen aýda Putin ähli döwlet hyzmatlarynyň "Maks" ulgamyna geçirilmelidigini aýtdy.

Häkimiýetler adamlary meşhur habarlaşma programmalaryndan daşlaşdyrmaga synanyşýandygyny ýaşyrmaýarlar. "Mediascope"-yň habaryna görä, "Telegram" we "WhatsApp" häzirki wagtda Russiýada örän meşhur bolmagyna galýar.

Forum

XS
SM
MD
LG