Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze kanuna gol çeken Zelenski halk gazabyny saklap bilermi?


Ukrain protestçileri korrupsiýa garşy guramalary "garaşsyzlyklaryndan mahrum edýän kanuna" garşy çykýar.
Ukrain protestçileri korrupsiýa garşy guramalary "garaşsyzlyklaryndan mahrum edýän kanuna" garşy çykýar.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski, tankytçylaryň sözlerine görä, korrupsiýa garşy guramalary garaşsyzlyklaryndan mahrum edýän, adalat we kanun hökmürowanlygy ugrunda gazanylan köp ýyllyk ilerlemäni yza tesdirýän kanuna gol çekeninden soň, ýurt içinde dörän gaharly protetestlere we ýurt daşyndan edilen Günbatar ýazgarmalaryna göz ýumdy.

Ýöne onuň bu yza çekilmesiniň näçe wagt dowam etjekdigi we Russiýanyň 2022-nji ýylyň fewralynda başlan giň gerimli urşundan bäri Ukrainada dörän iň uly içerki krizisleriň birinden baş alyp çykyp biljekdigi ýa däldigi entek belli däl.


Öz hökümetiniň ukrain parlamentiniň, Werhowna Radanyň üsti bilen öňe süren we tizleşdiren kanun talamalaryna gol çekenden bir gün soň, Zelenki täze kanun taslamasyny hödürlemegi wada berip, garşylyk sesleriniň eşidilmän galmandygyny, "iň möhümi, korrupsiýa garşy guramalaryň garaşsyzlygy üçin ähli kadalaryň ýerinde saklanyljakdygyny" aýtdy.

Ol 23-nji iýulda, müňlerçe ukrainaly ýurduň birnäçe şäherinde ikinji gün protest bildireninden soň, "Adamlaryň şu günler sosial ulgamlarda, biri-birine, köçelerde näme diýýänini hemmeler eşitdi" diýdi. "Bularyň hemmesi boşuna gitmedi. Biz ähli aladalary, nämäni üýtgemelidigini we nämäni ýokarlandyrmalydygyny ähli ugur boýunça, hemme taraplaýyn seljerdik" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Zelenski hukuk goraýjy edaralaryň, korrupsiýa garşy edaralaryň we Baş prokuraturanyň ýolbaşçylaryny "bu işi amala aşyrmak" üçin goşant goşmaga çagyrdy. Ýöne ol hödürlenjek täze kanun taslamasynyň mazmuny we möhleti barada kän zat aýtmady we 22-nji iýulda gol çeken kanunlaryny – protestçileriň galdyran şygarlarynyň köpüsinde göze ilen sanlary, 12414 belgili kanuny ýatyrjakdygyny aýtmady.

Täze kanuna garşy protest bildirýän adamlar
Täze kanuna garşy protest bildirýän adamlar


Kanuna garşy çykýanlar 24-nji iýulda has köp protestleriň geçirmegine çagyrdylar, oppozisiýadaky Holos partiýasynyň agzasy Radanyň 48 kanun çykaryjysynyň Ukrainanyň Korrupsiýa garşy milli býurosynyň (NABU), Korrupsiýa garşy ýöriteleşdirilen prokuraturanyň (SAPO) garaşsyzlygyny dikeltmegi maksat edinýän kanun taslamasyny goldaýandygyny, 25-nji iýulda onuň mümkin bolan sese goýuşlygyny belländiklerini aýtdy.

Kanun Ukrainanyň baş prokuroryny SAPO-nyň de-fakto başlygy etmek bilen, agentligiň başlygyny öz wezipesinden netijeli aýyrýar, baş prokurora ýokary derejeli resmiler bilen baglanyşykly kazyýet işlerini birtaraplaýyn ýapmaga, NABU tarapyndan derňelýän işleri beýleki edaralara tabşyrmaga mümkinçilik berýär.

NABU we SAPO resmileri 23-nji iýulda hökümetiň gatyşmazlygyny kepillendirýän ozalky kepillikleri dikeltmek üçin "anyk we ikuçsuz ädimleriň" zerurdygyny aýtdylar.

Ýewropa Bileleşigi ilkibaşdaky kanun taslamasyny kabul etmek baradaky kararyň "yza tarap ädilen çynlakaý ädim" bolandygyny aýtdy. Bu kanuna garşy çykýan beýleki adamlar onuň 2014-nji ýylda Moskwa tarapdar prezident Wiktor Ýanukowiçi häkimiýetden çetleşdiren "Mertebe rewolýusiýasyndan", Ýewropa tarapdar we korrupsiýa garşy guralan Maýdan protestleri netijesinde gazanylan demokratiýalaşdyryşdan soň kesgin, düýpli yza gaýdyş bolup biljekdiginden alada bildirdiler.

"Aslynda, Ukraina korrupsiýa garşy göreş babatynda 10 ýyl yza çekilýär" diýip, Kiýewde bu kanuna garşy gurnalan ilkinji protestleriň birinde çykyş eden Dmitriý Kozýatinski, rus çoşuşyna garşy alnyp barylýan urşuň ýaş weterany aýtdy.

“Transparency International Ukraine” neşiriniň habaryna görä, täze kanun jemgyýeti "Mertebe rewolýusiýasyndan” bäri gazanylan iň uly üstünlikleriň birinden - korrupsiýa garşy garaşsyz guramalardan" saplaýar.

Zelenski bu kanuna gol çekeninden gysga wagt soň, ony gorap, korrupsiýa garşy göreşde “rus täsirini” aýyrmagyň zerurdygyny öňe sürdi.

Emma muňa garamazdan, tankytçylar tersine, bu kanun taslamasynyň Ukrainanyň rus hüjüminden goranyşyny gowşadyp, ukrainleriň arasyndaky agzybirlige wehim salýandygyny, urşuň aýgytly pursatynda Günbataryň Kiýewe goldawyna zarba urýandygyny aýdýarlar.

Şeýle-de bu, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp parahatçylyk ugrundaky tagallalaryň ýokarlanmazlygynda esasan Russiýany günäkärläp, Ukraina Ýewropanyň üsti bilen iberilýän ýaraglary köpeltmek wadasyny beren wagtynda, Waşingtonda Ukrainadaky korrupsiýa ýagdaýyna bildirilýän aladalary güýçlendirip biler.

ABŞ-nyň tanymal senatorlary, respublikan (Günorta Karolina) Lindsi Graham we Senatyň daşary gatnaşyklar komitetiniň iň uly demokraty (Nýu-Hempşir) Jin Şahin dagy hem 23-nji iýulda beýanat edip, täze kanun barada edýän aladalaryny bildirdiler.

"Ukraina Mertebe rewolýusiýasyndan bäri özüniň korrupsiýa garşy gün tertibinde ägirt uly üstünlikleri gazandy ... Werhowna Radanyň ýaňy-ýakynda prezident Zelenski tarapyndan gol çekilen kanuny kabul etmegi bu ilerlemäniň köp bölegini yza çekýär, Ukrainanyň söweşjeň ruhuna, şeýle hem Ukrainanyň raýatlaryna we halkara jemgyýetçiliginiň garaşýan zatlaryna garşy gelýär diýip howatyrlanýarys” diýip, Şahin we Graham aýtdy.

"Ukraina berilýän goldawy bes etmek üçin iň köp ulanylýan delilleriň biri bu ýurduň korrupsiýa çümendigi bilen baglanyşykly" diýip, olar aýtdylar. "Biz Ukrainanyň bu ugurda öňegidişlik, ilerleme gazanmagyny dowam etdirýändigini ykrar edýäris we hökümeti bu ösüşi pese gaçyrýan hereketlerden saklanmaga çagyrýarys."

Moskwa bilen Kiýew urşy soňlamak üçin sentýabr aýynyň başyna çenli ylalaşyk gazanyp bilmese, Tramp Russiýa garşy täze sanksiýalar tapgyryny girizjekdigini aýtdy.

Rus we ukrain gepleşikçileriniň arasynda 23-nji iýulda, Stambulda geçirilen üçünji tapgyr gepleşikde parahatçylyk meselesinde ilerleme bolmady.


Forum

XS
SM
MD
LG