Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Ukraina üçin $322 millionlyk mümkin ýarag söwdasyny tassyklady


Pyýada goşunyň Bradleý söweş ulagy
Pyýada goşunyň Bradleý söweş ulagy

ABŞ 23-nji iýulda Ukrainanyň howa hüjümlerinden goranyş ulgamyny we sowutly söweş tehnikasyny güýçlendirmek üçin 322 million dollarlyk ýarag söwdasyny tassyklady.

ABŞ-nyň Goranmak howpsuzlygy boýunça hyzmatdaşlyk gullugynyň (DSCA) berýän maglumatyna görä, HAWK görnüşli howa goranyş enjamlarynyň satuwy we hyzmaty 172 million dollara, pyýada goşunyň Bradleý söweş ulaglarynyň enjamlary we hyzmatlary bolsa 150 million dollara deň bolar.

Bu söwda baradaky karary ABŞ-nyň Döwlet departamenti tassyklady we DSCA degişli maglumatlary Kongrese iberdi. Söwdanyň amala aşmagy üçin, ony Kongresiň tassyklamagy hem zerurdyr.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 14-nji iýulda NATO-nyň baş sekretary Mark Rýutte bilen duşuşygynda, Ukraina NATO-nyň satyn aljak “milliardlarça dollarlyk” ýaraglary bilen üpjün etmegi meýilleşdirýändigini mälim etdi.

Tramp şol bir wagtda, Moskwa 50 gün möhlet berip, atyşyklary bes etmek boýunça ylalaşyk gazanylmasa, Russiýa bilen söwda edýän ýurtlara ykdysady çäreleri girizjekdigini duýdurdy. Munuň bilen Moskwany gepleşik stoluna mejbur etmek göz öňünde tutulýar.

Ýarag söwdasynyň bu täze tapgyrynyň tassyklanylmagy, Pentagonyň öz ýarag ätiýaçlyklaryny gaýtadan seljermek üçin, Ukraina ýaraglaryň beýleki görnüşleriniň iberilmegini togtadan döwrüne gabat geldi. Şeýle-de bolsa, Russiýanyň Ukraina garşy raketa we dron hüjümleri dowam edýär.

24-nji iýula geçilen gije rus güýçleri Ukrainanyň Gara deňizdäki Odessa port şäherini nyşana alyp, ýaşaýyş jaýlarynda we beýleki binalarda ýangynyň döremegine sebäp boldy.

Şol bir wagtyň özünde, ukrain dronlary Russiýanyň günorta sebitlerine zarba urdy. Hüjümde bir adam öldi, başga biri ýaralandy, şeýle-de nebit ammaryna zeper ýetdi.

Gara deňziň kenaryndaky Krasnodar sebitiniň adatdan daşary gulluklarynyň Telegramda beren maglumatyna görä, Soçi şäheriniň golaýynda dronyň galyndylary bir zenanyň ölümine sebäp boldy. Ýene bir zenan agyr ýaralar bilen hassahana ýerleşdirildi.

23-nji iýulda Russiýa bilen Ukraina Türkiýede geçirilen gepleşikleriň dowamynda nobatdaky ýesir çalşygyny geçirmek barada ylalaşdylar.

Emma degişlilikde gysga wagt dowam eden bu duşuşykda atyşyklary bes etmek ýa-da iki ýurduň liderleriniň duşuşygy boýunça öňegidişlik gazanylmady.

Stambuldaky gepleşiklerde Ukrainanyň wekilýetiniň ýolbaşçysy Rustem Umerow awgustyň aýagyna çenli Zelenski bilen rus prezidenti Wladimir Putiniň duşuşygyny geçirmek barada teklip edendigini aýtdy.

Şol bir wagtda, Russiýanyň wekileýitine ýolbaşçylyk eden Wladimir Medinskiý her tarapyň azyndan 1 müň 200 uruş ýesirini çalyşmak barada ylalaşandygyny we Russiýanyň heläk bolan 3 müň ukrain esgeriniň jesetlerini bermegi teklip edendigini aýtdy.

Forum

XS
SM
MD
LG