23-nji iýulda Stambulda Ukraina bilen Russiýanyň doly düzümli wekiliýetleriniň gatnaşmagynda geçirilen gepleşikleriň üçünji tapgyry ýarym sagat töweregi dowam etdi.
Bu duşuşyk gönümel gepleşikleriň öňki iki tapgyry bilen deňeşdirilende iň gysgasy boldy. 16-njy maýda we 2-nji iýunda Stambulda geçirilen ozalky gepleşikleriň her biri bir sagatdan gowrak dowam edipdi.
Şol bir wagtda, soňky gepleşikleriň çäginde taraplaryň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary, ýagny Wladimir Medinskiý we Rustem Umerow, umumy gepleşiklerden öň, birek-birek bilen aýratyn duşuşyk geçirdiler.
TASS-yň maglumatyna görä, taraplar harby we raýat ýesirleriň çalşygy boýunça ylalaşyk gazanypdyrlar. Ukrain tarapynyň berýän maglumatynda, gürrüňi edilen esasy meseleleriň hatarynda ok atyşlygy bes etmek, ýesirleriň boşadylmagy hem-de prezidentler Wolodymyr Zelenski bilen Wladimir Putiniň duşuşygynyň guramaçylyk meselesi dagy bolupdyr.
Wladimir Medinskiý Russiýanyň Ukrain tarapyna front liniýasynyň ugrunda ölenleriň we ýaralananlaryň jesetlerini ýygnamak üçin gysga wagtlyk ýaraşyk yglan etmek barada teklip edendigini aýtdy.