24-nji iýulda Russiýanyň Amur oblastynda AN-24 kysymly ýolagçy uçar ýere gaçdy. Uçaryň bortunda jemi 49 adam, ýagny 43 ýolagçy, şol sanda bäş çaga we alty ekipaž agzasy bardy.
“Angara” awiakompaniýasynyň uçary Habarowsk – Blagoweşçensk – Tynda ugry boýunça reýsi ýerine ýetirýärdi. Ekipaž uçuş wagty tehniki näsazlyklar barada habar bermedi. Uçar Tynda şäherine birinji gezekden gonup başarmady we täzeden aýlamaga mejbur boldy. Şondan soň, uçar bilen aragatnaşyk kesildi.
“Interfaks” agentliginiň ýazmagyna görä, uçaryň galyndylary Tynda şäherinden 15 kilometr uzaklykda tapyldy. “Uçar doly weýran boldy” diýip, halas ediş gulluklarynyň wekili habar berdi.
Ýerli häkimiýetleriň beren ilkinji maglumatlaryna görä, heläkçilikde diri galanlar ýok.
Heläkçiligiň mümkin sebäpleriniň biri hökmünde ýaramaz howa şertlerinde ekipaž tarapyndan goýberilen ýalňyşlyk bolandygyny çaklanylýar.