Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa gijäniň dowamynda Ukraina giň gerimli zarba urdy. Harkiw oblastynda üç adam öldi


Russiýanyň Odessa uran zarbalarynyň netijeleri. 24-nji iýul
Russiýanyň Odessa uran zarbalarynyň netijeleri. 24-nji iýul

24-nji iýula geçilen gije Russiýa Ukraina garşy ýene-de giň gerimli howa hüjümini amala aşyrdy. Ukraina boýunça dürli sebitlerde ýaşaýyş jaýlaryna, energetika infrastrukturasyna hem-de raýat desgalaryna garşy umumylykda 103 sany dron we dört sany raketa atyldy.

Iň uly zyýan Harkiw oblastynda boldy. Sebitde hüjümleriň netijesinde parahat ilatyň arasyndan üç adam heläk boldy. Ondan gowrak adam ýaralandy, olaryň arasynda Çerkassy şäherinde dokuz ýaşly bir çaga hem bar.

Russiýanyň dronlary we raketalary Odesadaky ýaşaýyş jaýlaryna hem-de meşhur “Priwoz” bazaryna, Çerkassydaky köp gatly jaýlara, Zaporižýedäki uniwersitetiň sport zalyna, Harkiw oblastyndaky möhüm infrastruktura obýektlerine, şeýle hem Donetsk, Sumy we Nikolaýew oblastlarynda ýerleşýän ilatly nokatlaryna zarba urdy.

Halkara diplomatiýasynyň tagallalaryna we ok atyşygy bes etmek baradaky çagyryşlaryna garamazdan, Russiýa ukrain şäherlerine garşy terrorçylyk taktikasyny dowam etdirýär.

XS
SM
MD
LG